KOWARYS BIZ PISLERI Öz ilimde soltan menem, beg menem, Azgyn bolup hiç bir kese degmenem. Duşman azyp sürüp gelse üstüme, Men olara hergiz boýun egmenem. Türkana men, sydakat men, sada men, Nöker bolup gulluk etmen ýada men, Pulparazlar Dollar dökse üstüme, Watanymy sata bilmen ýada men. Isleýärin parahatlyk illlere, Azat-erkin sözlemäge dillere, Murfonistlar ysyrganşyp gelseler, Goýmaryn men ysgamaga güllerei. Söýýärin men, aýdym bilen sazy men, Gyzyl, ýaşyl güller açan ýazy men, Gar isleýärin garga gelse ýazyma, Men olaryň algyry men, bazy men. Islemenem şöhrat bilen ady men, Gahar-gazap getiriji bady men, Ol jenaplar çişiň gelse üstüme, Ýagdyraryn depesinden ody men. Zähmet çekýärs biz çagalar üçin, Ata, Ene, garry babalar üçin, Olar gelip keýiplerini çekmäge, Düzgünler gurmadyk agalar üçin. Kukainist, heroinist, "istleri", Gany gidip, süňňi galan tüýsleri, Näşe bolup ysyrganşyp gelseler, Kowarys biz nejisleri, pisleri. Hakykatdan gözleýärs Hudaýy, Hak ýolunda janlar edip pidaýy, Ýer ýüzünden ýok ederis, goýmarys, Öz ýurdunda ýerlemedik gedaýy. Galkan Welleňi

Теги других блогов: poetry patriotism Türkmenistan